Günorta Koreýada çip önümçiligi 2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ilkinji gezek pese gaçdy

  • 03.10.2022 10:59
  • 5.1k+

2022-nji ýylyň awgust aýynda Günorta Koreýada ýarym geçirijileriň önümçiligi 2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ilkinji gezek azaldy.

Awgust aýynda ýurtda ýarym geçirijileriň önümçilik möçberi ýyllyk aňlatmasynda 1,7% azaldy diýip, ýurduň statistika agentligi habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär. Iýul aýynda ýarym geçirijileriň önümçiligi 17,3% ýokarlandy.
Awgust aýynda zawodlarda ýarym geçiriji önümleriň ätiýaçlyklary 1,5 esseden gowrak (67,3%) köpeldi, bu hem öndürijileriň makroykdysady çaklamanyň ýaramazlaşmagyna taýýarlyk görýändigine delil bolup biler diýip, statistika edarasy belleýär.
Zawodlardan önümleriň iberilişi bassyr ikinji aýyň jemi boýunça pese gaçdy – 20,4%.
Ýarym geçirijileriň pudagy ykdysadyýeti köp babatda daşary söwda garaşly bolan Günorta Koreýada iň uly senagat pudaklarynyň biri hasaplanýar. Soňky wagtlar ýurtdaky öndürijiler çig mal üçin bahalaryň ýokarlanmagy we milli walýutanyň güýçli pese gaçyşy ýaly birnäçe meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Öň, dünýäde iň uly çip öndürijileriniň biri bolan Samsung Electronics Co. şu ýylyň ikinji ýarymynda bazardaky ýagdaýyň ýaramazlaşjakdygyny duýdurdy we onuň indiki ýyl hem gowlaşyp başlamajakdgyny çaklady.


24.12.2025 10:36
12k+

Günorta Koreýanyň ilkinji hususy raketasy uçurylandan az wagt soň heläkçilige uçrady

23-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 06:13-de Günorta Koreýanyň Innospace hususy kompaniýasynyň raketasynyň ilkinji orbital uçurylyşy amala aşyryldy. Bu synanyşyk şowsuz tamamlandy: uçurylandan takmynan 30 sekunt soň raketa ýere gaçdy we bortundaky ähli ýük ýitirildi...

04.11.2025 19:42
3.7k+

Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi

Günorta Koreýada täze görnüşli ekzoskelet oturdylan ýeňil geýim — “robo-mata” bilen işlýän kostýum köpçülikleýin önümçilige taýyn edildi. Bu çözgüt Koreýanyň Maşyngurluşyk we materiallar institutynyň (KIMM) robotika boýunça Öňdebaryjy tehnologiýalar merkezinde işlendi diýip, Eurekalert habar berýär...

26.07.2025 11:55
5k+

Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýda öz bazasyny gurar

Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli  Aýda öz bazasynyň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Aeroskosmos tehnikasy boýunça Döwlet koreý edarasy (KASA) degişli meýilnamany Tejondaky Koreýanyň Milli gözleg gaznasynda geçirilen ýygnakda hödürledi diýip, The Korea Times habar berýär...

25.01.2025 10:29
3.3k+

Koreý alymlary adamyň bäş duýgusyny gaýtalaýan datçik döretdiler

Günorta Koreýanyň alymlary adamyň bäş duýgusyny gaýtalaýan ýarymgeçiriji süýümlere esaslanýan köpugurly datçigi döretdiler. Täze tehnologiýa bir wagtyň özünde ýagtylygy, basyşy we daşky gurşawyň kislotalylyk we...