«Red Bull-dan» Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ýedinji

  • 03.10.2022 10:17
  • 3.2k+

«Red Bull-yň» meksikaly sürüjisi Serhio Peres «Formula-1» çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Singapuryň şäher ýolunda geçirildi.

Peres üçin bu ýeňiş karýerasynda dördünji boldy. Ikinji we üçünji orunlary «Ferrariniň» sürüjileri Şarl Lekler we Karlos Saýns eýeledi.
Ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton (“Mersedes”) pellehana dokuzynjy bolup geldi. Möwsümiň lideri niderlandly Maks Werstappen bolsa (“Red Bull”) ýedinji orny eýeledi. Ilkinji onluga şular hem girdi:
4. Lando Norris (“Maklaren”); 5. Daniel Rikkýardo (“Maklaren”); 6. Lens Stroll (“Aston Martin”); 8. Sebastýan Fettel (“Aston Martin”), 10. Pýer Gasli (“Alfa Romeo”).
Ýaryşyň başlanmagy ýagyş sebäpli bir sagatdan gowrak wagt gijä galdy. Sürüjileriň ýaryşdan çykmagy sebäpli birnäçe gijikdirmeler bilen baglylykda ýaryş zerur aýlaw sany bilen gutarman, wagt boýunça tamamlandy.
Indiki tapgyr 7 – 9-njy oktýabrda Ýaponiýanyň “Suzuka” ýolunda geçiriler.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....