«Wenom» filminiň režissýory «Aldawyň boş hyýaly 3-i» surata düşürer

  • 02.10.2022 07:50
  • 9.8k+

Ruben Fleýşer Lionsgate studiýasynyň düşürýän «Aldawyň boş hyýaly» filminiň üçünji bölüminiň režissýory edilip bellendi. Bu barada Deadline habar berýär.

Filmiň edebi esasyny ýazmak üçin studiýa «Tekepbirlikler we ýalan ynamlaryň» (Pride and Prejudice) ssenariýaçysy Set Grem-Smiti hakyna tutdy. Bobbi Koen Aleks Kurtsman bilen bilelikde taslamanyň prodýusserleri bolarlar.
Fleýşer «Wenom», «Gangster awçylary» («
Gangster Squad»), şeýle-de, «Zombilende hoş geldiňiz» («Zombieland») filmleri bilen tanalýar, soňky filmiň  Wudi Harrelsen we Jessi Aýzenberg  ýaly aktýorlary «Aldawyň boş hyýalynnyň» birinji bölüminde oýnaýarlar.

«Men talaňçylyklar hakyndaky filmleriň muşdagy — men görnüşinden başgaça görünýän öwrümleriň we syrlaryň içine çümmegi halaýaryn. Ogrular gözbagçy bolsa-ha, onda mümkinçilikler çäksiz bolýar» — diýip, režissýor filmiň üstünde işlemekden alýan täsirini beýan edýär.

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.7k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......