Baş arhiw müdirliginiň žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

  • 01.10.2022 18:11
  • 5.2k+

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany 2020-2021-nji ýyllarda ýurdumyzda kabul edilen resminamalaryň toplumy bilen açylýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary hem-de Kararlary, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň resminamalary bar. Şeýle-de žurnalda geçen iki ýylyň has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelerine — iri forumlara, halkara maslahatlara, konsultatiw duşuşyklara, dürli senagat we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna yzygiderlilikde gysgaça syn berilýär.

Mowzuklaýyn makalalaryň birnäçesi döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň biriniň ýerine ýetirilmegine — ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň iş dolandyryş we arhiw düzümlerine resminama dolanyşygyny guramakda usulyýet kömeginiň berilmegine bagyşlanypdyr. Okyjylar žurnalyň sahypalarynda resminamalary döretmegiň, hasaba almagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň Kadalary hem-de Tertibi bilen, şeýle-de ykdysady, ylmy we medeni hyzmatdaşlyga degişli resminamalaryň birkysmy Sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri bilen tanşyp bilerler.
Türkmenistanda nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň nyşany bolup hyzmat edýän milli maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky maglumatlary öwrenmek, ýaýratmak meselelerine uly üns berilýär. Şulardan ugur alnyp, türkmen halkynyň özboluşly mirasyny dünýä ýaýmakda çäreleriň toplumyny geçirmek Baş arhiw müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de žurnalda ýurdumyzyň taryhyndan gyzykly maglumatlary özünde jemleýän makalalar bar.

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......