BSGG: Ýaponiýa kowid bilen keselleme sany boýunça ýene-de lider boldy

  • 30.09.2022 11:08
  • 11k+

Koronawirus pandemiýasy döwründe iň pes kesel görkezijileriniň hasaba alnan ýeri bolan Ýaponiýa bassyr onunjy hepde kowid hadysalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Bu Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryndan gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, soňky hepdede Ýaponiýada 535 müňden gowrak täze kesel hadysasy hasaba alyndy, bu bolsa Ýaponiýanyň yzyndan gelýän ABŞ-a garanyňda, tas bir ýarym esse köpdür. ABŞ-da 361 müňden gowrak hadysa ýüze çykaryldy.
Häzirki wagtda Ýaponiýada pandemiýanyň ýedinji tolkuny gowşaýar. Soňky bir günüň dowamynda 50 müň töweregi kesel hadysasy ýüze çykaryldy. Şol bir wagtyň özünde, Tokionyň syýasy gözlegler gaznasynyň maglumatlary boýunça, Ýaponiýanyň ilatynyň koronawirusa kollektiw immuniteti, takmynan, 90% bolup biler.
Şunuň esasynda Ýaponiýanyň hökümeti 11-nji oktýabrdan koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly girizilen giriş üçin çäklendirmeleri doly ýatyrmak kararyna geldi. Ýurda bir günde gelýänleriň sanyna çäk, gysga möhletli wizalaryň berilmegine çäklendirmeler we indiwidual syýahatçylyga gadaganlyk hem ýatyrylýar.


10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.2k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....

03.04.2026 12:06
4.6k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......

25.03.2026 15:13
2.5k+

Ýapon alymlary ýetginjeklerde köp duşýan täze görnüşli leýkozyň üstüni açdylar

Ýapon alymlary gan düwnük keseliniň esasan ýetginjeklerde has köp duşýan täze we howply görnüşini tapdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Milli onkologiýa merkeziniň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Keniti Ýosida habar berdi...