Dünýäniň iň beýik binasy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi

  • 29.09.2022 11:41
  • 33k+

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan «Burj Halifanyň» ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi diýip, turkmenmetbugat.gov.tm.

Täsirli görnüş beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwşün atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi.
Ýokarlygyna inçelip gidýän 180 metrlik ýalpyldaýan bölegi metal gurnamalaryndan ybarat bolan, başy asmana direýän bu belent bina Dubaýyň işewürlik merkeziniň esasy nyşanydyr. Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň hormatyna atlandyrylan bu binanyň dabaraly açylyşy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......