Hytaýyň iri senagat kärhanalarynyň girdejisi ýanwar – awgust aýlarynda 2,1% peseldi

  • 29.09.2022 10:24
  • 6.2k+

2022-nji ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda Hytaýyň iri senagat kärhanalarynyň girdejisi ýyllyk hasabynda 2,1% azalyp, 55,25 trln ýuan ($7,72 trln) boldy. Muny ýurduň Döwlet statistika edarasynyň maglumatlary görkezdi diýip, interfax.ru belleýär.

Peseliş depgini ýanwar – iýul aýlary bilen deňeşdirilende has çaltlaşdy, şol wagt görkeziji 1,1% peselipdi.
Görkezijiniň peselmegi ýurduň birnäçe uly şäherlerinde koronawirus bilen göreşmäge gönükdirilen berk çäklendirmeler, ýuanyň hümmetiniň peselmegi we yssy howa şertlerinde önümçilik pudagynda işjeňligiň haýallanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Ýanwar – awgust aýlarynda girdejiniň azalmagy 41 pudagyň 25-sinde hasaba alyndy.
Statistika edarasy awgust aýynda aýratyn aý üçin kompaniýalaryň bilelikdäki girdejisi barada maglumat bermegi bes etdi diýip, Dow Jones ýazýar.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....