Serdar Berdimuhamedow RF-niň Ižewsk şäherinde bolup geçen pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi

  • 28.09.2022 23:20
  • 35k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Ižewsk şäherinde bolup geçen pajygaly ýagdaý zerarly Prezident Wladimir Putine gynanç bildirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gynanç hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow pida bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny bildirip, şikes alanlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi.
Belläp geçsek, 26-njy sentýabrda irden RF-niň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde ýaragdan ot açyldy, netijede 17 adam, şol sanda 11 sany çaga aradan çykdy.
29-njy sentýabrda çenli Udmurtiýa welaýatynda pida bolanlaryň hatyrasyna matam yglan edildi.


03.12.2025 10:07
10k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...

07.08.2025 13:31
10k+

Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi

Ýakynda bolan ýertitremesi netijesinde Kamçatka ýarym adasynyň günorta bölegi günorta-gündogara iki metre golaý süýşüpdir. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofiziki gullugynyň Kamçatka bölüminiň işgärleri habar berdi...