Katar Dünýä çempionaty — 2022-ni geçirmek üçin 200 mlrd dollar sarp etdi

  • 28.09.2022 21:38
  • 10421
Katar Dünýä çempionaty — 2022-ni geçirmek üçin 200 mlrd dollar sarp etdi

Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykarylan çykdajy rekord 200 mlrd dollar boldy diýip, The Sun habar berýär.

Bu Russiýanyň 2018-nji ýylda dünýä çempionatyna çykaran çykdajysyndan 20 esse diýen ýaly köpdür. Şonda Russiýanyň çykdajysy 11,6 mlrd dollar bolupdy, rekord bolsa 2014-nji ýylda 15 mlrd dollar sarp edip, DÇ-ni kabul eden Braziliýa degişlidi. 
Belläp geçsek, Günorta-Afrika Respublikasynda geçen DÇ-2010-na 3,6 mlrd dollar, Germaniýada geçen DÇ-2006-a 4,3 mlrd dollar, Günorta Koreýada we Ýaponiýada geçen DÇ-2002-ä 7 mlrd dollar, Fransiýada geçen DÇ-1998-e 2,3 mlrd dollar, ABŞ-da geçen DÇ-1994-e 500 mln dollar sarp edildi.
Katarda gönüden-göni stadionlaryň (sekiz meýdança guruldy), bazalaryň, janköýerler üçin fan-zolaklaryň gurluşygynyň özüne 6,5 mlrd dollar sarp edildi.
Turniriň kommunikasiýalar boýunça ýerine ýetiriji direktory Fatima Al Nuaými umumy 200 mlrd dollar «hakykatda Katary milli taýdan ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrundaky maksatly strategiýanyň bir bölegi hasaplanýar» diýip düşündirdi.


şu gün 03:32
12674

Dünýä çempionaty — 2022-niň 10-njy oýun gününiň netijeleri

Dünýä çempionaty — 2022-niň 10-njy oýun güni tamamlandy. 29-njy noýabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 2-nji tapgyrynyň soňky 4 sany duşuşygy geçirildi. А topar El-Haur, «Al-Baýt» stadiony Niderlandlar – Katar –...

şu gün 03:22
5095

DÇ-2022: ABŞ we Angliýa pleý-off tapgyryna çykdylar

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda ABŞ Eýrandan üstün çykdy. Dohada geçirilen oýun 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 38-nji minutda Kristian Pulişiç...

şu gün 00:44
2784

DÇ-2022: A topardan Niderlandlar we Senegal pleý-off tapgyryna çykdy

Niderlandlar hem-de Senegal Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyryna çykdylar. Sişenbe güni toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Niderlandlar Kataryň milli ýygyndysyny 2:0...

düýn 09:17
12505

Dünýä çempionaty — 2022-niň 9-njy oýun gününiň netijeleri

Dünýä çempionaty — 2022-niň 9-njy oýun güni tamamlandy. 28-nji noýabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 2-nji tapgyrynyň soňky 4 sany duşuşygy geçirildi. G topar El-Wakra, «Al-Janub» stadiony Kamerun– Serbiýa – 3:3...