Boksçy Taýson Fýuri Entoni Joşua bilen söweşiň ýatyrylandygyny mälim etdi

  • 28.09.2022 13:48
  • 10k+

WBC-niň wersiýasyna görä super agyr agramda boks boýunça dünýä çempiony Taýson Fýuri Entoni Joşua bilen söweşiň ýatyrylýandygyny aýtdy. Munuň sebäbi garşydaşyň degişli şertnama wagtynda gol çekmändigi boldy diýip, MIR24 habar berýär.

Fýuri 32 ýaşly Joşua gol çekmek üçin 26-njy sentýabrda sagat 17:00-a çenli wagt berdi. Möhlet tamamlanansoň we şertnama gol çekilmänsoň, Taýson “hasaplaşmaly günüň gelendigini we tamamlanandygyny”, Joşua üçin bolsa “ähli zadyň resmi taýdan gutarandygyny” aýtdy.
Agyr agramlylaryň arasynda çempion watandaşyny sentýabr aýynyň başynda söweşe çagyrdy. Söweş dekabr aýynda geçirilmelidi.
34 ýaşly Fýuriniň hasabynda 32 ýeňiş we bir deňme-deňlik bar, 32 ýaşly Joşuanyň hasabynda bolsa 24 ýeňiş we üç ýeňliş bar. Ol iki gezek ukrainaly Aleksandr Usikden ýeňildi.
Ýatlap geçsek, aprel aýynda britaniýaly boksçy Taýson Fýuri watandaşy Dillian Uaýty ýeňip, Bütindünýä boks geňeşiniň wersiýasyna görä dünýä çempionynyň guşagyny ikinji gezek gorady we şondan soň karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Ýöne awgust aýynda ol ringe dolanmak kararyna gelendigini mälim etdi.


25.05.2026 16:52
9.4k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
10k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

18.05.2026 13:53
2.3k+

Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian......