Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler

  • 27.09.2022 15:11
  • 11k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Liz Trass esasy pudaklarda işçi güýjüniň ýetmezçilik meselesini çözmek üçin Britaniýanyň wiza ulgamyna täzeden garamak isleýär. Özgertmeleriň resmi taýdan yglan ediljek we işe giriziljek seneleri mälim edilmeýär diýip, “Financial Times-a” salgylanyp, Forbes.ru habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Trass “ýetmezçilikli işleriň sanawyny” düzetmegi meýilleşdirýär, bu hem britaniýaly iş berijilere daşary ýurtlardan has köp işgärleri çekmäge mümkinçilik berer. Hünäriň bu sanawa girizilmegi daşary ýurtly hünärmenlere wiza almak üçin has pes mukdarda wiza töleglerini tölemeli boljakdygyny, iş berijilere bolsa daşary ýurtlularyň dalaş edýän boş iş ornuna ýerli işgäri tapmandyklaryny subut etmegiň zerur bolmajakdygyny aňladýar. Beýik Britaniýanyň hökümeti daşary ýurtly işçilere käbir pudaklar üçin iňlis dilini bilmek bilen bagly bildirilýän talaplary hem gowşadyp biler.
Mundan başga-da, Trass möwsümleýin oba hojalyk işlerine daşary ýurtly işçileri işe almakdaky çäklendirmeleri ýatyryp biler. 2019-njy ýylda işe girizilen degişli wiza maksatnamasy 38 000 oba hojalyk işçisine wiza bermäge mümkinçilik berdi, ýöne pudak munuň ýeterlik däldigini hökümete duýdurdy.
Taýýarlanýan üýtgeşmeleri iş assosiasiýalary, aýratynam, işçileriň uly birleşmesi – Britan senagatynyň konfederasiýasy (CBI) we Kiçi biznes federasiýasy goldady. Britaniýadaky kompaniýalaryň 60%-den gowragy, Britaniýanyň söwda palatasy tarapyndan tomusda 5700 kärhananyň arasynda geçirilen pikir soraşmanyň görkezmegine görä, goşmaça işçilere mätäçlik çekýär. Käbir pudaklarda işçileriň ýetmezçiligi hasam ýokary – mysal üçin, gurluşyk pudagynda kompaniýalaryň 83%-i işe almak meselelerinde kynçylyk çekýändigini habar berdi.


düýn 15:33
2.3k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...