Çelýabinsk oblastynyň gubernatory ilkinji gezek Türkmenistanda saparda bolýar

  • 27.09.2022 08:58
  • 4.9k+

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. Ol Türkmenistana gelip görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Ýurdumyzy Çelýabinsk oblasty bilen öňden gelýän dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, şol sanda Çelýabinsk oblasty bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident iki ýurduň gyzyklanma bildirýän edaralarynyň ýurdumyzda metallurgiýa, maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek we gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, özara haryt dolanyşygynda önümleriň görnüşlerini giňeltmek ulgamynda taraplaryň maksatlary umumydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebit we gaz senagatynyň, dokma pudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalyk harytlaryny ibermäge taýýardygy nygtaldy. Myhman amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Şol kompaniýalar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi hem-de ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......