Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 27.09.2022 08:51
  • 4.7k+

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy, onuň iri sebitleri hem-de senagat, medeni merkezleri, şol sanda Sankt-Peterburg bilen däp bolan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Sankt-Peterburg bilen netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynda” bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk ulgamy, ýol-ulag düzümi, gämi gurluşygy, maýa goýumlar hem-de sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda “akylly” şäherleri gurmakda özara gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Öz nobatynda, Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerini hem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardyr.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......