Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni: Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy gutlady

  • 27.09.2022 10:21
  • 10k+

Şu gün Türkmenistanda milli baýram — Garaşsyzlyk güni bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli türkmen halkyna Gutlag iberdi.

“Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: “Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrýan döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesi, abraýy belende galdy. Şoňa görä-de, bu milli baýram mynasybetli önümçilik we durmuş maksatly täze binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berýäris, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslaryny, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, döwlet maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýan watandaşlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurýarys” diýip bellemek bilen, ýaňy-ýakynda guralan örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Döwlet Maslahatynyň ýokary derejede geçirilmeginiň we onda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem söýgi, ruhubelentlik duýgularyny döredendigini agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrandygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gutlagy: “Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin” diýen sözler bilen jemlenýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......