Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (11-nji bölüm)

  • 25.09.2022 13:20
  • 6.9k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (11-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ol zehinli alymlar özgerişlik gazanylmagy üçin bize diňe bir özüňi alyp barmagyň özboluşly hem netije berýän modellerini hödürlemek bilen çäklenmediler. Olar öran gysga wagtyň içinde adam kämilliginiň islendik görnüşini gaýtalamagyň ulgamlaýyn hem mizemez ýörelgesini açdylar.
Olaryň gazanan netijesi rowaýat ýaly bir zat. Oňa garamazdan, maksada ýetmek usulynyň açaryny ele alan hem bolsalar köp kişi hödürlenen nusgalaryň özlerinde döreden emosional, özüňi alyp barmakdaky özgermelerini gaýtadan derňedi. Ýöne olara şol nusgalary has emosional, has netijeli edip, öz durmuşlarynda ulanmak üçin hususy erk ýetmezçilik edýärdi. Netije berýän zat ― HEREKET. NLP hakda näçe kän zat okadygymça, modelirlemek ýagdaýy barada, hiç zat ýazylmaýar diýäýmeli derejede, az ýazylýanyna haýran galýaryn. Modelirlemek — kämillige eltýän ýol. Onuň manysy şeýle. Eger maksadyna ýetmegi başaran adama sataşsam, menem maksadyma ýetip bilerin. Ýöne onuň üçin maksada ýetmegiň bahasyny ― wagtyňy hem tagallaňy gysganmaly däl. Eger siz üstünlige ýetmek isleseňiz, kän zat gerek däl ― şol maksada özüňizden öňürti ýeteniň eden hereketini gaýtalamagy, şol iş üçin onuň öz aňydyr hereketlerini ulanyşyny öwrenäýmeli. Eger siz öňkiňizden has hormatly dost, has gurply adam, has gowy ene-ata, netijesi ýokary türgen, ýokary üstünlik gazanýan telekeçi bolmak isleseňiz, size diňe bir zat ― mynasyp model tapyp, şoňa öýkünäýmek galýar.
Uly ili aňk edýän, durmuşy çepbe-çöwrüp, ony öňe iteklemegi başarýan adamlar köplenç, modelirlemek boýunça ökde hünärmen bolup çykýarlar. Olar nähili çylşyrymly nusga bolsa-da, şolary gaýtalamagyň ýokary ussatlygyny ele alýarlar, maksatlaryna ozal maksatlaryna ýetenleriň tejribesini gaýtalamak ýoly bilen ýetýärler. Olar bize mydama ýetmeýän baýlyk bolan wagty tygşytly ulanýarlar. Dogrudanam, eger siz iň köp okalýan kitaplaryň sanawy çap edilýän gazetlere ser salsaňyz, olaryň köpüsi haýsydyr bir netijeli iş etmegiň modeli hakyndadyr.
Piter Drukeriň soňky kitaby «Innowasiýalar hem telekeçilik» diýlip atlandyrylýar. Onda jenap Druker gowy telekeçi hem täzelikçi bolmak üçin adamyň nähili anyk ädimler ätmelidigini görkezýär. Ol innowasiýanyň öran ýokary derejedäki özboluşly, maksada gönükdirilen işdigini belleýär. Telekeçi bolmak üçin adatdan daşary ýa-da hyýalylyk derejesine çykmaly däl. Ol nesilden-nesle-de geçmeýär. Ol her kimiň-de baş alyp çykjak ylymy. Bu sözler örän sada ýaňlanýar. Oňa garamazdan, ol näme üçin häzirki zaman telekeçiliginiň teoriýasyndan leksiýa berýän kişi ýaly meşhur? Modelirlemegiň tilsimatlaryndan baş alyp çykýany üçin bolaýmasyn?
«Bir minutlyk menejer» (awtorlary: Kennet Blanşar hem Spenser Jonson) kitaby adam gatnaşygynyň modeli hem-de şol gatnaşygy sadadan netijeli ugra gönükdirmek barada. Ol ýurduň tanymal menejerleriniň modelirlemek baradaky gazanan tejribelerini bir ýere jemleýär. «Kämilligiň gözleginde» (awtorlary: Tomas J. Piters we  Robert H. Uoterman-kiçisi) Amerikanyň ýokary derejede işleýän korporasiýalarynyň iş modeli bilen tanyşdyrýar. «Bakylygyň üstündäki köpri» (awtory: Riçard Bah) diýen kitap ýene bir nukdaýnazary ― özge adamlar bilen aragatnaşygyň modelini derňeýär.
Siz özüňi alyp barmagyň modelleriniň kömegi bilen itiňize özüňiz bilen gowy gatnaşykda bolmagy derrew öwredip bilersiňiz. Şol usuly adam meselesinde hem ulanyp bolar.
Emma meniň size öwretmek isleýänim hemişelik iş, täteriklik, ylym. Ol size üstünden baran ýeriňizde kämillik döretmek mümkinçiligini berer. Ýöne men siziň NLP-iň modellerinden diňe bir peýdalanmagy başarmagyňyzy däl-de, özüňiziňem modelirlemek boýunça hünärmen bolmagyňyzy isleýärin. Men siziň kämilligi kabul edip, ony öz hususy baýlygyňyza öwürmegiňiziň tarapdary. Siziň durmuşdan yza galmazlyk üçin tehnologiýanyň mümkingadar ýokary derejesinden mydama peýdalanýan, ýöne modelleriň ozal kabul edilen görnüşlerini gyşarnyksyz ulanyp ýörmän, özüňiziň ýetmek isleýän maksadyňyzyň amala aşmagy üçin mydama täze, has bähbitli modelleri gözleýän adam bolmagyňyzy isleýärin.
Kämilligi modelleşdirmek üçin size yzçy, derňewçi — sorag baryny berip, kämillige barýan ýoldaky aýak yzlaryny yzarlap, derňäp, netije çykaryp ýören adam bolmak zerur.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...