Angolada agramy 130 karat bolan almaz tapyldy

  • 25.09.2022 13:10
  • 13k+

Angolanyň demirgazyk-gündogaryndaky Lulo käninden agramy 131 karat bolan zergärçilik hilli ak almaz tapyldy. Bu barada penşenbe güni agzalan käni Angolanyň Endiama döwlet kärhanasy bilen bilelikde özleşdirýän Awstraliýanyň Lucapa Diamond Company kompaniýasyna salgylanýan Günorta Afrikanyň SABC radiostansiýasy habar berdi. 

Almaz öňem Lulonyň şol meýdançasyndan agramy 160 karat bolan almaz tapylanynyň yzýany - 11 gün geçenden soň  tapyldy diýip ol belleýär. 
Angolanyň çäginden tapylan iň uly almazyň agramy 404 karatdyr. Ol 2016-njy ýylyň fewral aýynda Lulodan tapyldy we Angolanyň garaşsyzlyk gününiň hormatyna "4-nji fewral" diýip atlandyryldy. 
Angola - tapylýan almazlaryň göwrümi boýunça Afrikada Botswandan soň ikinji ýurtdur. Üstümizdäki ýylda Angola şu hili gymmat bahaly daşlaryň 10 mln karatyny tapmagy meýilleşdirýär.

şu gün 16:13
1.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.1k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.3k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
9.2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......