Bred Pitt deriňe ideg etmek üçin gender taýdan bitarap kosmetika hataryny işe girizýär

  • 25.09.2022 13:02
  • 8k+

Amerikaly aktýor Bred Pitt deriňe ideg etmek üçin hususy gender taýdan bitarap Le Domaine kosmetika brendini işe girizýär. Bu barada ol British Vogue neşirine beren interwýusynda aýtdy diýip, forbes.ru habar berýär.

Aktýoryň bellemegine görä, kosmetika hatary Fransiýanyň Rona jülgesiniň günorta böleginde ýerleşen we Perren çakyr öndüriji dinastiýasyna degişli bolan Chateau Beaucastel çakyr öndürijisi bilen hyzmatdaşlykda döredilýär. Pitt Le Domaina brendiniň serişdeleriniň aglabasynyň Chateau Beaucastel-da ösdürilip ýetişdirilýän üzümiň şäniklerinden, gabygyndan we çybygyndan alynýan ekstraktlara esaslanýandygyny aýdýar. Önüm flakonlary üçin gapak taýýarlamak üçin bolsa köne çakyr çelekleri ulanylýar.
Neşir bilen söhbetdeşlikde Bred Pitt Le Domaine brendiniň “ýüzi” bolup çykyş etmejekdigini aýtdy. Ol meşhur adamlar tarapyndan döredilen we goldanýan kosmetika hatarlarynyň aşa köpdügini belledi. Ýöne, aktýoryň aýtmagyna görä, ol üzüm esasly serişdeleri ulananyňdan soň deridäki wizual tapawutlary görmedik bolsa, bu brendi işe girizmezdi.

düýn 23:59
50

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......