Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi geçirilýär

  • 21.09.2022 15:17
  • 4k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäginde Nýu-Ýorkda ýokary derejeli duşuşyklaryň hepdesi başlandy. «Kowid» çäklendirmelerinden soň, Prezidentler, Hökümet Baştutanlary we daşary işler ministrleri wideoýüzlenme arkaly däl-de, ýüzbe-ýüz görnüşde gatnaşmak üçin BMG-niň ştab-kwartirasyna geldiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka gurama agza-döwletleriň 193-siniň hem wekilleri geldiler. Ýurtlaryň aglabasynyň döwlet we Hökümet baştutanlary geldiler diýip, BMG-niň resmi maglumat çeşmesinde habar berdiler.
Mejlisiň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we 77-nji sessiýanyň başlygy Çaba Kýorýoşi çykyş etdi. Soňra ministrler we wekiliýet ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Ilkinji günde çykyş edenleriň hatarynda Braziliýanyň, Senegalyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň we Fransiýanyň Prezidentleri bar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi 20-26-njy sentýabr aralygynda geçiriler.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......