Dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy II çärýekde 6,9% pese gaçdy

  • 21.09.2022 14:14
  • 4.8k+

Ikinji çärýekde dakylýan elektron gurluşlaryň global üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,9% peselip, 107,4 mln birlik boldy. Bu barada International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

“Dakylýan gurluşlara bolan isleg inflýasiýanyň ýokarlanmagy, çökgünlikden ätiýaç edilmegi, tehnologiki däl harytlaryň beýleki kategoriýalary üçin çykdajylaryň ýokarlanmagy, şeýle-de soňky iki ýylda dakylýan gurluşlaryň bazarynda görülýän örän çalt ösüş sebäpli peseldi” – diýip, IDC-niň analitikleri belleýär.

Global bazaryň lider bäşligi üýtgewsiz galdy: oňa Apple, Samsung, Xiaomi, Huawei we Imagine Marketing girýär, bu bäş kompaniýanyň dördüsi bolsa ikinji çärýekde satuwyň ýyllyk aňlatmasynda pese gaçyşyny hasaba aldylar.

“Apple, Samsung we Google ýaly kompaniýalar gymmat harytlara bolan islegiň şübheli görünýän döwründe premial “akylly” sagatlary çykarmagy dowam etdirýärler. Käbir täze önümleriň bahalary öňki nesilleriň bahalary ýaly bolsa-da, ABŞ-nyň dollarynyň ýokarlanmagy olaryň ýerli walýutalarda gymmatlamagyna getirdi” – diýip, IDC-niň gözlegler boýunça menejeri Jiteş Ubrani belledi.

IDC-niň täze çaklamasyna görä, 2022-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy üýtgemez we 535,5 mln birlik bolar. Şol bir wagtyň özünde, analitikler 2023-nji ýylda bazaryň ösüşiniň gaýtadan dikelmegine garaşýarlar.


09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....