Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady

  • 19.09.2022 22:19
  • 9.3k+

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

“Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, kuwwatly, innowasion ýol bilen ýokary depginli ösýän ykdysadyýeti döretmek ugrundaky maksatnamalarymyz bu gün rowaçlyklara beslenýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny gurşap alýan toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda gazanylan netijeleriň, ýetilen sepgitleriň serginiň geçirilýän günlerinde diňe bir ýurdumyzyň ilatyna däl, eýsem, internet ulgamy arkaly halkara jemgyýetçiligiň hem dykgatyna ýetiriljekdigini belledi.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýä bazarlarynda barha giň orun alýan harytlarymyzy, hyzmatlarymyzy, şeýle-de amala aşyrýan taslamalarymyzy Ýer ýüzüne ýaýmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäre boljakdygyna pugta ynanýaryn” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynyň ahyrynda sergä gatnaşyjylara iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......