Türkmen wekiliýeti BMG-niň bilimi özgertmek boýunça sammitine gatnaşýar

  • 19.09.2022 14:13
  • 5.5k+

“16-19-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan çagyrylan “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde saparda bolýar. Bu çärä BMG-ä agza döwletler, BMG-niň institutlary, halkara guramalar we agentlikler, alymlardyr hünärmenler, raýat jemgyýeti, dürli gaznalar, birleşikler, hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar” dýip, TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, bu sammit bilim boýunça dördünji Durnukly ösüş maksadyna ýetmek, şeýle hem ýokary hilli bilim bermek we ömrüň bütin dowamynda okuw bilen baglanyşykly meselelere gönükdirilendir. Forumyň çäginde bütin dünýäde bilimi kämilleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan başga-da, pandemiýa sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmäge üns berler.
Şu nukdaýnazardan, sammitiň maksatlarynyň Türkmenistanyň bilim ulgamynda alyp barýan syýasatyna gabat gelýändigini bellemek zerurdyr. Bu ugurda şu ýylyň 21-nji iýunyndan 8-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň gatnaşmagynda milli maslahatlaryň 6-sy geçirildi. Milli geňeşmeleriň netijesinde geçirilen maslahatlaryň hasabaty, şeýle hem Bilimi özgertmek baradaky milli borçnamasy taýýarlanyldy. Bu resminamalar “Bilimi özgertmek sammitiniň” Sekretariatyna iberildi.
Türkmenistanyň wekilleri “Bilimi özgertmek boýunça sammitiň” birnäçe mejlislerine, bilimi sanly ulgama geçirmek baradaky jemleýji mejlisine gatnaşarlar.


şu gün 19:18
720

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......