Halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türkmen türgenlerine sylaglar gowşuryldy

  • 17.09.2022 19:43
  • 22k+

Şu gün, 17-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynyň mejlisler zalynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hususan-da,

  • Awstriýanyň Oberwart şäherinde dzýudo göreşi boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda 60 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Hakberdi Jumaýewe;
  • Awstriýanyň Oberwart şäherinde dzýudo göreşi boýunça geçirilýän Ýewropanyň açyk çempionatynda 66 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Türkmenistanyň dzýudo göreşi boýunça ýygyndy toparynyň türgeni Hekim Agamämmedowa;
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karatedo boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 55 kg agram derejesinde 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rasul Atajanowa;
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karatedo boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýekelikde Kata görnüşi boýunça 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapadurdyýewe;
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karatedo boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýekelikde Kata görnüşi boýunça 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Aşgabat şäheriniň 50-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Allanur Ýalkabowa;
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karatedo boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 18 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda toparlaýyn ýaryşda 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Magtymguly Annaýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 16-17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hemra Begjanowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Aşgabat şäheriniň 44-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Sylapberdi Orazgeldiýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Baýry Baýryýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Süleýman Garlyýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň  10-njy synp okuwçysy Erkin Taganowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Arzuw Seýitgulyýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby Ýusup Garajaýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Täçmuhammet Bekiýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Perhat Atamyradowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jora Öwezmyradowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Dawut Saryýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şamyrat Myradowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Didar Babaýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Süleýman Gurbanowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Änew şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Atageldi Akyýewe;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Islam Annaorazowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň sport mekdebiniň karate boýunça tälimçi-mugallymy Sapardurdy Setdarowa;
  • Çehiýa Respublikasynyň Pardubis şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Dawud Nazmyradowa;
  • Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşynda söweş sambosy boýunça üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işgäri Dawid Awçýana Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleriniň toplumy gowşuryldy.

Şeýle hem halkara ýaryşlaryna gatnaşan hem-de ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere, şeýle hem uly sport, ýokary netijeli sport hem- täze zehinleri gözläp tapmaga mynasyp goşant goşýan türkmen türgenleriniň tälimçilerine Arkadagly Serdarymyzyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.


03.04.2026 19:30
3.2k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

02.04.2026 14:36
10k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

31.03.2026 20:07
12k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 16:37
2.3k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......