Bir hepdäniň içinde Bitcoin 13%, Ethereum 10%, Solana bolsa 20% gymmatlady

  • 14.09.2022 11:52
  • 6.3k+

Geçen hepde dünýäniň esasy kriptowalýutalarynyň gymmatlamagy bilen tapawutlandy, bu hepde bolsa şol gymmatlaýyş, umuman, dowam etdi. Şeýlelikde, Bitcoin gije-gündiziň dowamynda 3,5% galdy, hepdäniň dowamynda bolsa 13%-denem köpräk gymmatlady. Ethereum Proof-of-Stake algoritmine meýilleşdirilen geçişiň öňüsyrasynda bir göterimden gowrak peselýär, ýöne hepdelik maglumaty alsaň, 11% diýen ýaly ýokary galdy. 

Bir hepdäniň içindäki ösüşi Bitcoin-e 22 müň dollardan geçmäge mümkinçilik berdi, häzir 1 ETH-e 1750 dollar töweregi berilýär. Ýöne  ösüşiň liderleriniň top-10-unda başga bir kriptowalýuta bar, ol hem Solana: gije-gündiziň dowamynda ol 10% diýen ýaly, hepdäniň dowamynda bolsa hemmesi 20% galdy.
Netijede, gije-gündiziň dowamynda dünýä kriptobazary 1,5% galdy. O diýen köp däl ýaly, ýöne ol kapitallaşmanyň belgisinden ýene-de 1 trillion dollar geçdi.


08.02.2026 05:00
4.7k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

13.11.2025 11:16
5.1k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

23.05.2025 13:00
14k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.9k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...