UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady

  • 13.09.2022 18:51
  • 14394
UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady

Ýeňil agramda (70 kg çenli) UFC-niň titulyna öňki dalaşgär we Bellatoryň eks-çempiony, amerikaly Maýkl Çendler indiki gezek watandaşy Dastin Porýe bilen tutluşar. Başa-baş söweş 12-nji noýabrda geçer diýip, UFC-niň metbugat gullugy habar berýär. 

Göreş UFC 281 turniriniň çäklerinde Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçer we üç raunddan ybarat bolar. Täze Zelandiýaly Esrael Adesanýe bilen Aleks Pereýronyň arasyndaky titul üçin göreş agşamyň esasy başa-baş göreşi bolar.
Maýkl Çendleriň birnäçe göreş üçin şertnama gol çekendigi owal habar berlipdi.
Çendler özüniň soňky göreşinde Toni Fergýusony nokaut bilen utandygyny ýatladýarys. Dastin Porýe Çarlz Oliweýra bilen duşuşyp, göreşde sabmişen bilen ýeňildi.


20.11.2022 12:26
22536

Usman Nurmagomedow ýeňil agramda Bellatoryň çempiony boldy

Russiýaly pälwan Usman Nurmagomedow ýeňil agramda Bellatoryň guşagyny almak ugrundaky titul tutluşygynda braziliýaly türgen Patriki Freýreni ýeňdi. Bellator 288 turniri şenbä geçilen gije Çikagoda geçdi. Nurmagomedow...

19.11.2022 18:13
29398

Fýodor Ýemelýanenko karýerasynda soňky göreşini 4-nji fewralda Beýdere garşy geçirer

Garyşyk stiliň russiýaly pälwany Fýodor Ýemelýanenko amerikaly türgen Raýan Beýdere garşy karýerasynda soňky tutluşygyny geçirer. Bu barada anna güni Bellator guramasynyň metbugat gullugy habar berdi. Agyr agramda...

16.11.2022 14:05
18843

Islam Mahaçew UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde ikinji orna çykdy

Ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Islam Mahaçew agram kategoriýasyna garamazdan promouşeniň reýtinginde üçünji orundan ikinji orna galdy. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria...

14.11.2022 18:27
26203

UFC Mahaçew bilen Wolkanowskiniň arasyndaky söweşi yglan etdi

Absolýut söweş çempionaty (UFC) resmi Telegram kanalynda ýeňil agramda guramanyň çempiony titulynyň eýesi, garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew bilen ýarym ýeňil diwizionda çempion hem-de agram...