Katarda geçjek dünýä çempionaty mahalynda janköýerleriň futbol turniri guralar

  • 13.09.2022 18:49
  • 10k+

Katarda geçjek dünýä çempionaty mahalynda janköýerleriň arasynda ýörite futbol turniri guralar diýip, dünýä birinjiliginiň guramaçylyk komitetiniň kommunikasiýalar we HBS boýunça ýerine ýetiriji direktory Fatyma al-Nuaými žurnalistlere habar berdi.

«Janköýerler Ýakyn Gündogarda we arap dünýäsinde futbol boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçmeginde möhüm orun tutarlar. Biz janköýerleriň arasynda futbol turnirini geçirýändimize şat. Bu gaty gyzykly bolar we ajaýyp oýna umumy gyzyklanma dünýäniň çar künjüniň adamlaryny birleşdirer» — diýip, al-Nuaými belleýär.

Onuň sözlerine görä, kubok 29-njy noýabrdan 2-nji dekabr aralygynda Kataryň paýtagtynyň merkezindäki «Al-Bidda» seýilgähinde geçjek janköýerleriň festiwalynda ähli 32 agza-ýurduň futbol söýüjileriniň arasynda oýnalar.
Mini-turnir hem dünýä çempionatynyňky ýaly formatda geçer. Oýunçylaryň ýaşy 18-den kiçi bolmaly däl we olar haýsy ýurduň ýygyndysyna wekillik etjek bolsa, ýa-ha şol ýurduň raýaty bolmaly, ýa-da rezidenti.
Katar arap dünýäsinde futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge hukuk alan  ilkinji döwlet boldy. Ol 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçer.


düýn 23:41
1.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......