Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy

  • 13.09.2022 08:57
  • 5k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orna çykdy. Bu barada assosiasiýanyň saýtyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.

Alkaras duşenbe gününe geçilýän gije “Uly tuwulga” ýaryşy bolan US Open-iň ýeňijisi boldy. Ol 6740 utuk gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy boldy we bu orundan russiýaly Daniil Medwedewi gysyp çykardy. Medwedew reýtingde 13 hepde – 13-nji iýundan bäri öňdebaryjydy.
Häzir Medwedew dördünji orna düşdi (5056 utuk). Ondan öňde norwegiýaly Kasper Ruud (2-nji orun, 5850 utuk) we ispaniýaly Rafael Nadal (3-nji orun, 5810 utuk) ýerleşýär.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....