Jeýms Kemeron «Awatar-4» filmini surata düşürmäge başlady

  • 13.09.2022 08:45
  • 8.7k+

Amerikaly režissýor Jeýms Kemeron “Awatar” filminiň dördünji bölüminiň üstünde işläp başlady. Bu barada Comicbook portaly habar berýär diýip, TASS belleýär.

Disney kompaniýasynyň D23 Expo 2022 sergisinde çykyş etmek bilen, Kemeron dördünji bölümiň surata düşürilişi bilen bir hatarda “Awatar-3-üň” surata düşüriliş prosesiniň hem dowam edýändigini, “Awatar-2-niň” bolsa post-prodakşen tapgyryndadygyny habar berdi. Ikinji bölümiň premýerasynyň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda bolmagyna garaşylýar, soňky filmler her iki ýyldan çykar.

“Men ikinji filmiň üstündäki işleri tamamlaýandygyma begenýärin. Men hemmeleriň oňa eýýäm uzak wagtdan bäri garaşýandygyny bilýärin” – diýip, režissýor belleýär.

Filmiň birinji bölüminiň premýerasy 2009-njy ýylyň dekabr aýynda boldy. Kartina kinematografyň taryhynda iň girdejilisi bolup, “Iň gowy hudožnik işi”, “Iň gowy operatorlyk işi” we “Iň gowy wizual effektler” nominasiýalarynda “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.7k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......