Türkmenistanyň Prezidenti Ahalyň täze merkezinde Hökümet mejlisini geçirdi

  • 11.09.2022 15:20
  • 10k+

10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

  • gurluşyk we binagärlik ministrine binalaryň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletler gurlup, ulanylmaga bermek tabşyryldy;
  • wise-premýer Ç.Purçekowa gurluşyk-gurnama işleriniň hiline, gurluşyk işleri üçin ýerli materiallaryň zerur möçberleriniň üpjün edilişine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy;
  • wise-premýer A.Ýazmyradowa merkeziň çäklerinde oturtmak üçin teklip edilýän bag nahallarynyň sanawyny we görnüşlerini kesgitlemek tabşyryldy;
  • wise-premýer N.Amannepesowa saglyk merkezlerinde we bilim edaralarynda  işlejek hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermek bellenildi;
  • Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligiň baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, merkeziň edaralarynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda “akylly öý” ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine, ýeke-täk belgi boýunça degişli gulluklary çagyrmagyň ulgamynyň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Merkezde elektromobilleri ulanmak, aragatnaşyk ulgamlaryny gurnamak işlerini çaltlandyrmak häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
  • wise-premýer H.Geldimyradowa merkeziň desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek bilen baglylykda, tölegleriň öz wagtynda geçmegine gözegçilik etmek tabşyryldy;
  • goranmak ministri B.Gündogdyýewe merkeziň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny, ulag-ýol hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
  • Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa merkezde işlejek hünärmenleri seçip almak, onuň jemagat hojalygy ulgamyna degişli desgalarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
  • wise-premýer M.Mämmedowa merkeziň desgalarynyň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy;
  • Milli Geňşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe welaýat merkeziniň dolandyryş çäklerini we meýdanyny kesgitlemek, degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de kesgitlenen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça Milli Geňeşiň çözgütleriniň taýýarlanmalydygyna ünsi çekdi;
  • wise-premýer R.Meredowa  Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralara halkara guramalarynyň, ilçihanalaryň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine üns bermegi tabşyrdy.

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......