Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýat Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

  • 11.09.2022 14:56
  • 18k+

10-njy sentýabrda Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan Ahal welaýat Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasyna baryp gördi.

Bu ýerde Komitetiň başlygy D.Orazow merkeziň gurluşygy, onuň bölümleriniň ýerleşdiriliş aýratynlyklary hem-de her bölümiň ähmiýetine görä, otaglaryň bezegleriniň aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany Ahal welaýat Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli çagalaryň saglyklaryny dikeltmekleri üçin niýetlenen  binasyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilen işleriň derejesi bilen tanyşdy.
Bu ýerde hem Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli binanyň otaglaryny enjamlaşdyrmak, olarda çagalaryň ýaş aýratynlyklary nazara alyp, degişli bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi. D.Orazow merkeziň çäklerinde gurulýan durmuş maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna hormatly Arkadagymyzyň aýratyn üns berýändigini we bu desgalaryň Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri esasynda enjamlaşdyrylýandygyny habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna öwrülendigini we bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de komitetiň Başlygy D.Orazowa we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe birnäçe tabşyryklary berdi.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......