Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine baryp gördi

  • 11.09.2022 14:44
  • 13k+

10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy, onuň dowamynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany merkeziň çäginde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalaryny synlady. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow  merkeziň gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan  işleriň ýagdaýy hem-de bu ýerde görkezilýän taslamalar, olaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.   
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan muzeýiň, drama teatrynyň, başlangyç hünär okuw mekdebiniň, orta hünär okuw mekdebiniň, sport merkeziniň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň taslamalary görkezildi. Aýratyn-da, merkeziň çäklerinde tebigy ugurly dersleri hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň hem-de çagalar bakja baglarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.
Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalary synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem täze merkezde gurluşygy alnyp barylýan we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......