Niderlandlaryň şäheri et mahabatyny gadagan eder

  • 11.09.2022 07:41
  • 15k+

Niderlandlaryň Harlem şäheri dünýäde et mahabatyny bölekleýin ýa-da doly gadagan etjek ilkinji ýer bolar diýip, novosti.kg belleýär. Häkimiýetler şeýle karary et öndürijileriň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirine garşy göreş bilen düşündirýärler.

Fermalarda ýetişdirilen etiň mahabatyny gadagan etmek baradaky çözgüt 2024-nji ýyldan güýje girer. Gadaganlyk diňe jemgyýetçilik ýerlerinde – mysal üçin, awtobuslarda we düşelgelerde hereket eder.

“Bu Niderlandlarda, Ýewropada we hatda dünýäde jemgyýetçilik ýerlerinde “ýaramaz” etiň mahabatyny gadagan etjek ilkinji şäher bolar” – diýip, teklibi hödürlän partiýanyň agzasy Ziggi Klazes belleýär. Onuň aýtmagyna görä, global ýylamany çaltlaşdyrýan önümleri mahabatlandyrmak üçin şäher ýerlerini kärendesine bermek Harlemiň syýasatyna ters gelýär.

Gadaganlyk “öndümli ekarançylykdan arzan etlere” we fastfud torlarynyň mahabatlaryna täsir eder. Harlemiň häkimiýetleri organiki etiň mahabatyny gadagan etmelidigi ýa-da etmeli däldigi barada heniz belli netijä gelmediler.
Öň, ÝB ýewropalylara et we süýt önümleriniň sarp edilişini azaltmaga çagyrdy. Niderlandlaryň statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, gollandiýalylaryň, takmynan, 95%-i et iýýär, olaryň 20%-i bolsa muny her gün edýär.


20.04.2026 18:05
2.6k+

«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär....

30.03.2026 15:21
3.3k+

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýanyň ähtimal jaýlanan ýeri tapyldy

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär....

13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.8k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...