Oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly halkara maslahat geçiriler

  • 10.09.2022 09:14
  • 6.8k+

26-27-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022”  atly XXVII halkara maslahat geçiriler. Bu barada Hökümetiň 9-njy sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde habar berildi.

Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 26-27-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022”  atly XXVII halkara maslahaty geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýer Ş.Abdrahmanowa öňde boljak forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine gönükdirilen maýa goýum serişdelerini talabalaýyk özleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.


27.06.2025 18:52
3.1k+

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» maslahatyna we sergisine hasaba alyş başlandy

Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň  nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2025) gatnaşyjylaryň resmi hasaba alnyşy açyldy.  Forumyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, «Energiýa...

20.06.2025 23:37
8.4k+

Serdar Berdimuhamedow Uzynada ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

Türkmenistanda täze açylan Uzynada nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi...

07.06.2025 13:13
2.4k+

Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi...

30.05.2025 10:53
3.1k+

Türkmenistanda portlarda nebit önümleriniň ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylýar

“Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy maýda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B...