Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine täze başlyk bellenildi

  • 10.09.2022 08:57
  • 13k+

G.Baýjanow, başga işe geçmegi sebäpli, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu baradaky degişli Permana 9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Şeýle-de resminama bilen, D.Genjiýew Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.
Hökümetiň 9-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany täze bellenen ýolbaşça ýüzlenip, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin howdanlaryň göwrümini giňeltmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini we suw sorujylaryň talabalaýyk işledilmegini gazanmalydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şor suw akabalaryny wagtynda we talabalaýyk arassalap durmak, suwaryş akabalarynda suw ölçeýji enjamlary, ekerançylyk meýdanlarynda suw tygşytlaýjy gurallary gurnamak boýunça teklipleri taýýarlamak wajypdyr.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......