Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny ösdürmegiň täze Maksatnamasy kabul edildi

  • 09.09.2022 23:53
  • 6.3k+

“Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara 9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Täze Döwlet maksatnamasy seýsmologiýa ylmy boýunça düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, ylmy-gözleg işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, häzirki zaman geodinamik işjeňligini öwrenmek, seýsmiki hadysalaryň bolup geçýän döwründe seýsmogen zolaklarda fiziki hadysalaryň kanunalaýyklygyny we seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak, bu ugurda ýaş alymlary taýýarlamak maksady bilen kabul edilip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna onuň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


03.02.2026 16:28
1.7k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy iýunda geçiriljek halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy alymlary we hünärmenleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Forum 2026-njy ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabatda geçiriler we Ylymlar gününe bagyşlanar...

03.02.2026 14:50
5k+

ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi oba mekdeplerinde gün energiýasyny ornaşdyrýar

«Ýaşyl mekdep» bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNISEF we Türkmenistanyň Bilim ministrligi Nurly zaman obasyndaky 33-nji mekdepde ätiýaçlyk gün fotoelektrik ulgamyny gurnamak işlerini tamamlady. Umumy kuwwaty...

20.01.2026 11:59
1.5k+

Dohanyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistana geler

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda...

10.01.2026 19:18
3.2k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň düzgünnamasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň saýtynda çap edildi...