UEFA Çempionlar ligasynyň hepdäniň dowamyndaky iň gowy oýunçylarynyň adyny aýtdy

  • 09.09.2022 16:28
  • 16k+

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) ispan «Barselonasynyň» hüjümçisi Robert Lewandowskini Çempionlar ligasynyň birinji hepdäniň dowamyndaky iň oňat oýunçysy diýip mälim etdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda aýdylýar.

Toparlaýyn tapgyryň birinji oýnunda Çehiýanyň «Wiktoriýa Plzeni» bilen geçen oýunda (5:1) polşaly hüjümçisi üç gol geçirdi. Lewandowski üç dürli klub üçin het-trek edip, Çempionlar ligasynyň rekordyny goýdy.
UEFA ikinji ýerde Milanyň «Interi» bilen geçen oýunda gol salan we netijeli pas beren, «Bawariýanyň» hüjümçisi Leroý Zaneni goýdy.
Sanawda üçünji orny «Napoliniň» ýarymgoragçysy, «Liwerpul» bilen geçen oýunda (4:1) derwezä iki gezek gol geçiren we bir gezek netijeli ýardam pasyny beren Petr Zelinskiý eýeledi.


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......