Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Hökümetiniň ýörite wekili bilen duşuşdy

  • 08.09.2022 08:34
  • 6.4k+

7-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly çuňňur gynanjyny aýdyp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleriň ählisiniň tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini we bilelikdäki tagallalar esasynda ägirt uly tejribe toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy ugurdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýär we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa ― Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ilerledilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamy, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar netijeliligi hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara alnyp, möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda myhman hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykmagynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtady.
Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.


düýn 19:01
1.1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......