Serdar Berdimuhamedow Liz Trassy Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlady

  • 07.09.2022 09:12
  • 8.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hanym Liz Trassy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Liz Trass 5-nji sentýabrda Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň esasy bäsdeşi Rişi Sunak bolup, partiýa agzalarynyň 57,4 göterimi Trassa, 42,6 göterimi bolsa Sunaga ses berdi.


04.04.2026 00:07
8.5k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerine seretdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi diýip,......

03.04.2026 14:35
1.3k+

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......

02.04.2026 07:55
12k+

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerini jemledi

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk......

30.03.2026 23:19
8.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk ministri we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde......