Meta «pikirleri okamak» üçin emeli aň işläp taýýarlady

  • 06.09.2022 19:08
  • 10k+

Meta "Beýni dekoderini" döretdi, onuň kömegi bilen emeli aň modeller beýni işjeňligini «okaýarlar» we dile öwürýärler. Bu guraly aýtjak sözlerini we jümlelerini kellesinde aýlaýan ulanyjylaryň arasynda pikir arkaly aragatnaşyk saklamakda ulanyp bolýar. Barlaglar barada kompaniýa korporatiw blogda gürrüň berdi. 

Meta tehnologiýasy özüne meňzeş beýleki tehnologiýalardan beýni işjeňliginiň ýazgysynyň inwaziw däl usullaryna esaslanýandygy bilen tapawutlanýar. Kompaniýa diňe daşky datçikler ulanylýan elektroensefalografiýany (EEG) we magnitoensefalografiýany (MEG) ulandy. EEG-den we MEG-den alynýan maglumatlaryň ygtybarlylygy beýnä ornaşdyrylan datçikleriň berýän maglumatyndan pesdir. Şol sebäpli netijesi has gowy bolar ýaly, çykyş maglumatlarynyň has ulurak göwrümini işläp taýýarlamaly boldy.
Emeli aň synaga gatnaşyjylaryň audiokitaplara we käbir jümlelere reagirleýşini bellige aldy, soňra bolsa tekstden gerek sözleri saýhallady-da, "sözlük" düzdi, onuň esasynda işi yzlygyna amala aşyrdy, ýagny pikirleri dile öwürdi.
Barlag geçirijiler gündelik durmuşda has köp ulanylýan 793 sözüň toplumyny ulananda 73% takyklygy gazandylar.


09.05.2026 07:08
805

Meta robotlar üçin EA-ny işläp düzmegi çaltlandyrmak maksady bilen ARI startapyny satyn alýar

Meta kompaniýasy gumanoid robotlar üçin emeli aňy işläp düzmäge ýöriteleşen Assured Robot Intelligence (ARI) startapyny satyn alýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň çäklerinde (bahasy aýan edilmeýär)......

07.05.2026 08:23
1k+

Barlag: Claude-niň ulanyjylary emeli aň dünýäsinde iň gurply kişiler bolup çykdy

Claude çat-botunyň ulanyjylary beýleki emeli aň ulgamlarynyňkylar bilen deňeşdirilende has ýokary girdejilidikleri bilen tapawutlanýar. Bu barada The Decoder neşiri ABŞ-nda geçirilen «Epoch AI» barlagyna......

25.04.2026 19:07
1.9k+

Meta we Microsoft emeli aňyň bähbidine müňlerçe işgäri işden çykarar

Instagram, Facebook we WhatsApp sosial ulgamlarynyň eýesi bolan Meta kompaniýasy sekiz müňe golaý işgärini (takmynan, 10%) işden çykarmak meýilnamasyny mälim etdi. «BBC News» neşiriniň belleýşi ýaly, bu çözgüt......

27.03.2026 08:24
1.9k+

Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär....