KHBS: gurakçylykdan ýeten global zyýan ýylyň birinji ýarymynda 13,2 mlrd dollara ýetdi

  • 06.09.2022 13:30
  • 11k+

Dünýäniň köp ýurtlarynda gurakçylykdan ýeten zyýan ýanwar – iýun aýlarynda azyndan 13,2 mlrd dollara ýetdi. Bu barada Aon halkara ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ýerli bölümçesiniň hasabyna salgylanyp, “Nikkei” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary soňky 500 ýylda iň güýçli gurakçylyga sezewar boldy. Ol ABŞ-nyň günbatarynda, Pakistanda we Hytaýda hem güýjeýär. HHR-de derýalaryň suwunyň azalmagy netijesinde birnäçe GES-de elektrik energiýasynyň önümçiligi tas 40% azaldy diýip, gazet belleýär. Syçuan welaýatynda bolsa bu sebäpli Toyota Motor korporasiýasynyň gurnama zawodynyň işi wagtlaýyn togtadyldy.
Öň, iýun aýynda Ýaponiýanyň Milli daşky gurşawy öwreniş instituty bilen Tokio uniwersitetiniň hünärmenleri doklad neşir edip, onda häzirki ýüzýyllygyň ortalaryna çenli tomus gurakçylygynyň kadadan çykma däl-de, köp sebitler, şol sanda Ortaýer deňziniň kenarýakasy we Günorta Amerikanyň köp bölegi üçin norma boljakdygyny nygtadylar.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......