Türkmenistanda pagta ýygymyna girişmek boýunça “ak kerwen” dabaralary geçiriler

  • 06.09.2022 13:16
  • 8.7k+

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň dört welaýatynda, 14-nji sentýabrda bolsa Daşoguz welaýatynda “ak kerwen” dabaralary geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda 5-nji sentýabrda geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berildi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi esasynda şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 14-nji sentýabrda bolsa Daşoguz welaýatynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişmek boýunça “ak kerwen” dabaralarynyň geçiriljekdigi barada hasabat berdi.
Wise-premýer ýurdumyz boýunça pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlaryň 1 müň 600-siniň, pagta daşamakda ulanyljak ulaglaryň 7 müň 800-siniň, şeýle-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-synyň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 158-siniň ýygym möwsümine doly taýýar edilendigi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Balkan we Mary welaýatlarynyň bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......