Barak Obama “görnükli gürrüňçi” hökmünde “Emmi” baýragyny aldy

  • 05.09.2022 17:22
  • 18k+

ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama “Oskaryň” telewizion analogy bolan “Emmi” baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Amerikan milli telewizion akademiýasynyň habarynda aýdylýar diýip, forbes.kz belleýär.

Obama baýragy Netflix akym wideoserwisinde çykan “Biziň beýik milli seýilgählerimiz” serialynda “Täsinlikler dünýäsi” epizody üçin “görnükli gürrüňçi” hökmünde aldy. Obama bu epizodda kadr aňyrsyndaky ses boldy. Obamanyň baýrak üçin bäsdeşleri şol sanda aktrisa Lýupita Niongo, telealypbaryjy Dewid Attenboro, ssenariýaçy we prodýuser Karim Abdul-Jabbar we komik Uolter Kamau Bell boldy.
“Gahrymany ýokary hilli seslendirendigi” üçin baýraga aktýor Çedwik Bouzman aradan çykandan soň eýe boldy. Ol Marvel kino äleminde super gahryman Gara panteranyň keşbini ýerine ýetirdi, baýragy bolsa Disney+ akym serwisinde çykýan “A, eger bolsa...?” (“What If...?) multserialynyň üstünde işländigi üçin aldy. Bouzman iki ýyl töweregi mundan öň, 2020-nji ýylyň awgust aýynda ýogyn içegäniň rak keselinden aradan çykdy. Ol 43 ýaşyndady.


19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......