5-nji sentýabrda Beýik Britaniýada täze premýer-ministriň ady mälim ediler

  • 05.09.2022 01:42
  • 11k+

Beýik Britaniýanyň Konserwatorlar partiýasynyň agzalary hökümetiň täze baştutanynyň saýlawlarynda ses bermegi tamamladylar. Täze Premýeriň ady 5-nji sentýabrda belli bolar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Ýurduň täze premýer-ministrini Konserwatorlar partiýasynyň iki ýüz müň töweregi agzasy saýlamaga gatnaşdy. Ministrler Kabinetiniň täze başlygy şol bir wagtda konserwatorlaryň hem baştutany bolar.
Öň habar berlişi ýaly, premýeriň wezipesine Birleşen Patyşalygyň maliýe pudagynyň öňki ýolbaşçysy Rişi Sunak we ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Liz Trass dalaş edýär.


düýn 15:33
2.3k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...