Gazagystanyň ilaty 19,6 mln adamdan geçdi

  • 04.09.2022 12:30
  • 6k+

Milli Statistika býurosy tarapyndan gysgaça netijesi hödürlenen Gazagystanyň ilat ýazuwyna görä, ilat sany çak edilişinden 400 müň adam köp boldy. Ýagny, 1-nji awgusta çenli ýagdaýa görä, Gazagystanda 19 644 müň adam ýaşaýar diýip, býuro habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär.

Täze maglumatlarda iýun aýynda döredilen sebitleriň ilat sany ilkinji gezek görkezilýär.
Sebitleriň köpüsinde ilat ýazuwy statistikada göz öňünde tutulandan köp ýaşaýjyny hasaba aldy. Iň uly ösüş million ýaşaýjyly şäherlerde, günorta Türkestan, Žambyl we Almaty welaýatlarynda, şeýle-de Akmola welaýatynda hasaba alyndy.
Ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Almaty Gazagystanyň iň uly sebiti hasaplanýar – megapolisde 2 135 müň adam ýaşaýar, onuň yzyndan Türkestan welaýaty gelýär – bu ýerde 2 105 müň adam ýaşaýar.
Statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, ilkinji ýedi aýda ilat sany, esasan, paýtagtda köpeldi – bu ýerde ösüş 2,53%-e ýetdi, Almatyda we Mangistau welaýatynda – 1,61%, Şymkentde – 1,44%, Almaty welaýatynda – 0,94% boldy.
2022-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Gazagystanyň 20 sebitiniň 14-üsinde ilatyň köpelişi hasaba alyndy. 20 sebitiň 16-synda migrasiýa akymy hasaba alynýar. Ilatyň migrasion köpelişi diňe Mangistau sebitinde, Şymkentde, Almatyda we paýtagtda bellenildi.
Umuman, ýanwar – iýul aýlarynda Gazagystanda migrasiýanyň saldosy ýene-de otrisatel boldy. Ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Gazagystanyň şäher ilaty 61,7%-e ýetdi, ýurduň oba ilaty 38,3%-e barabar.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......