Türkmenistanyň wekiliýeti Kambojada geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşar

  • 03.09.2022 23:57
  • 7.8k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabrynda Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji Baş Assambleýasyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

2-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtap, şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabrynda Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklibi beýan etdi. Şeýle-de ýakyn ýyllarda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.


düýn 16:24
1.8k+

Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýurduň ussat küştçüleri kesgitlenildi

Aşgabat şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji tapgyry rapid we blitz boýunça ýaryşlar boldy we olaryň netijeleri boýunça ýaş türgenleriň arasynda 72 medal paýlandy...

05.02.2026 20:52
4.9k+

Türkmenistanda VAR eminlerini taýýarlamak boýunça okuw maslahaty başlandy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen bilelikde VAR ulgamyny özleşdirmek boýunça okuw maslahatyny gurnady. Bu barada sebit guramasynyň metbugat gullugy habar berýär...

05.02.2026 10:04
15k+

Ronaldu Aşgabada gelmezden öň ýene-de «Al-Nasrda» türgenleşiklerine başlady

​Kriştianu Ronaldu ýene-de «Al-Nasryň» ygtyýaryna geldi. Garaşylmadyk arakesmeden we uly zenzele turzan myş-myşlardan soň, portugaliýaly oýunçy topary bilen türgenleşiklerine dolanyp geldi diýip, abraýly insaýder Fabrisio Romano habar berdi...

04.02.2026 16:04
8.7k+

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionatyna Ahmet Gurbanow taýýarlar

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 13-19-njy aprel aralygynda Keýptaun şäherinde (GAR) geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer...