Türkmenistan ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça komitetine agza bolmaga çalyşýar

  • 03.09.2022 23:53
  • 5.6k+

2-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça degişli teklibi hödürledi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2021-nji ýyllaryň dowamynda bu komitetiň agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň dalaşgärligini bu komitetiň düzüminde 2023 — 2027-nji ýyllar üçin agzalyga hödürlemek hem-de geljek ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahatyny geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, ÝUNESKO bilen ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy tarapyndan geçirilýän çärelere talyp ýaşlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçiriljek Bilim ulgamyny özgertmek boýunça bütindünýä sammitiniň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.


düýn 15:38
1.8k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....