Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi

  • 02.09.2022 07:26
  • 5.4k+

1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde guralýan bu forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň özboluşly badalgasy boldy.

Ýaşlar forumyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan göçme sergä aýlanyp gördüler. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine guramanyň öňünde durýan möhüm meseleler, täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Forumyň gün tertibi tassyklanylandan soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada çykyş etdi. Hasabatda Ýaşlar guramasynyň  2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi. VII gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary ― Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.
Arakesmeden soň, gurultaýyň işine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ilki ýörite guralan göçme sergä aýlanyp gördi. Soňra hormatly Prezidentden ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş edip bermegi haýyş edildi.
Döwlet Baştutany çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň eýeleýän orny, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, bu babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýan Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......