Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

  • 01.09.2022 11:15
  • 10k+

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagyny ýollady.

Nygtalyşy ýaly, Ýaşlar guramasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, geljegimiz bolan ýaşlarymyzy watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy netijeleri gazanmagyna uly goşandyny goşýar.

“Häzirki wagtda gurama «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, öz işinde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Ýaşlar guramasynyň alyp barýan bu işleri jemgyýetimizde bitewüligi, jebisligi, agzybirligi berkitmäge, beýik özgertmelerimizi, milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär” diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Şeýle-de: “Döwür eziz Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmegi, düýpli özgertmegi, her bir işe täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şu nukdaýnazardan, Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ähli ýaşlarynyň jemgyýetimizde durnuklylygy hem-de bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň hatyrasyna ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýlip, Gutlagda gurultaýyň işine üstünlik arzuw edilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......