1-nji sentýabr: Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady

  • 01.09.2022 10:57
  • 13k+

Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini geçirip, häzirki zaman multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap orta mekdepleri hem-de çagalar baglaryny dabaraly açýarys. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize «Bilimli» atly kompýuterleri ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurýarys. Mugallym we terbiýeçi hünärini ele alan ýaşlara ilkinji zähmet ýoluna ak pata berýäris» diýip belledi.

«Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär» diýlip, Gutlagda mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimizi, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek, yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, mukaddes käriň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrjakdyklaryna, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp, bilimler ýurdy hökmünde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň çäginde orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si ulanmaga berildi. Täze okuw ýylynda Türkmenistan boýunça 1882 sany orta mekdepde 1 million 574 müň 737 okuwçynyň, raýat ugurly 20 sany ýokary okuw mekdebinde 65 müň 242, orta hünär okuw mekdepleriniň 42-sinde 26 müň 479 talybyň okamagyna garaşylýar. Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan 159 müň 772 okuwça döwlet Baştutanynyň adyndan kompýuterler sowgat berler.


şu gün 09:38
858

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

düýn 10:01
805

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 00:49
5.1k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...