Kataloniýada welosipedçileriň howpsuzlygyny üpjün etjek “akylly” ýol belgileri goýlar

  • 30.08.2022 18:14
  • 7.6k+

Kataloniýada awtoulaglar üçin tizligi çäklendiriji “akylly” ýol belgileri goýlar, olar ýolda welosipedçi peýda bolanda, tizlik çägini awtomatik peselderler diýip, “Ýewropuls” habar berýär. Muny forbes.kz ýetirýär. Bu ýol belgileriniň kömegi bilen Kataloniýada ýol-ulag hadysalarynyň netijesinde zyýan çekýän welosiped söýüjileriň gatnaşmagynda bolup geçýän heläkçilikleriň sanyny azaltmak isleýärler.  

“Akylly” belgiler Kataloniýanyň şäherleriniň esasy ýollarynda goýlar. Olar ýolda ýerleşdirilen elektron tablo ýaly görner.
Häzirlikçe ulgam synag režiminde işlär we eger ol, hakykatdan hem, ýolda bolup geçýän hadysalaryň sanyny azaltmaga kömek etse, hemişelik goýlar.
Kataloniýa täze ulgamyň kömegi bilen Ýewropa Bileleşiginiň European Vision Zero maksatnamasyny ýerine ýetirmekçi bolýar, oňa laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli Ýewropanyň ýollarynda pidalaryň sanyny nola çenli azaltmaly. 


şu gün 07:53
2.4k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.1k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......