Samsung 2023-nji ýylda hususy kriptowalýuta biržasyny işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 29.08.2022 16:20
  • 6.8k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy geljek ýyl hususy kriptowalýuta biržasyny işe girizip biler diýip, Market Watch ýerli HBS-e salgylanyp habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Samsung kriptowalýuta biržasyny döretmek üçin zerur bolan ygtyýarnamalary almak maksady bilen soňky wagtlar düzgünleşdirijilere arza iberen Günorta Koreýanyň ýedi kompaniýasynyň biridir. Beýleki kompaniýalaryň arasynda ýurtda fond bazarynda iň uly dellallaryň biri bolan Mirae Asset Securities Co. bar.
Günorta Koreýanyň HBS-niň maglumatlaryna görä, Samsung 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda täze biržany döretmegi göz öňünde tutýar.
Bu kompaniýanyň kriptowalýuta bazaryna tarap ilkinji ädimi däl. Şu ýylyň başynda Samsung kompaniýasy Galaxy seriýasynyň smartfonlaryna kriptowalýuta gapjygy funksiýasyny girizdi.


09.05.2026 16:36
3.5k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.7k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......

06.05.2026 19:44
4.4k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

23.04.2026 03:54
2.5k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......